Türkmenistan ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýanyň paýtagtynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagatyň ösüşi guramasynyň (ÝUNIDO) Baş konferensiýasynyň 20-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu barada HHM habar berdi.

Wena şäherinde geçirilen bu abraýly halkara çärede çykyş eden türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşyjylary Türkmenistanyň senagaty ösdürmekde ileri tutýan garaýyşlary we ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar, şeýle-de halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Hususan-da, Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň we wodorod energiýasyny ösdürmek boýunça halkara taslamalaryň çäginde pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça Strategiýany durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Gazagystan özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär
Aşgabat - Gökdepe sowma awtomobil ýolunda täze köprüler gurlar
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar