30-njy sentýabrda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen wideomaslahat
görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen
ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Odri Azulaý
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy
üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Bilim,
ylym, maglumat ulgamy, suw serişdelerini dolandyrmak hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hanym
Azulaý bilermenleriň duşuşyklaryny guramagyň, taraplaryň uzak aralykdan okuw
geçmäge degişli taslamalara gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.
Türkmen tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli
häsiýetini belläp, ÝUNESKO-nyň birnäçe düzümlerine Türkmenistany dalaşgärlige
hödürlemek maksadyny beýan etdiler.
Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň döredijilik
şäherleriniň ulgamyna goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Bu
bolsa medeniýetara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etmäge
gönükdirilendir.