Türkmenistan Ýunesko: medeni diplomatiýa rowaçlanýar

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Birleşen Milletler Guramasynyň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň Türkmen keşdeçilik sungaty, Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize degişli güwänamalary gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, bu saparyň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz degişli güwänamalary gowşurandygy üçin ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, munuň baý medeni mirasy aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.

Özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni mirasy, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda ýurdumyzyň giň gerimli işleri alyp barýandygyny nygtadylar. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyna, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesiniň toplanandygyna üns çekildi.

Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýäris. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan Gadymy Merw we Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Mundan başga-da, Görogly dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

UNITWIN halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzyň birnäçe umumybilim berýän orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barlandygy, ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde bolsa ÝUNESKO klublarynyň açylandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine, medeni hyzmatdaşlyk, parahatçylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly, halklaryň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň wekilini kabul etdi
TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: ABADANÇYLYGYŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
“Keşdeçilik sungaty mirasymyzyň zynaty” atly söhbetdeşlik
“Meniň dilim seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden illere”