Türkmenistan ýitirim bolan Omargulyýewiň we Garaýewiň “öýlerindedigini” aýdýar

Türkmenistan ýitirim bolan Omargulyýewiň we Garaýewiň “öýlerindedigini” aýdýar

Türkmenistan ykbaly nämälim bolmagynda galýan Ömruzak Omargulyýewiň we Kasymberdi Garaýewiň häzirki wagt ýurtda hasapda duran öýlerinde ýaşaýandyklaryny öňe sürýär. Bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Ženewada geçýän 137-nji mejlisinde mälim edildi. Turkmen.news neşiri 2-nji martda geçirilen çärede türkmen wekilleriniň hukuk goraýjylaryň gozgan meseleleri boýunça beren jogaplaryna ünsi çekdi.

Türkmen wekilleriniň sözlerine görä, gürrüňi gidýän iki ýigit hamala hiç haçan ne jenaýat, ne-de administratiw jogapkärçiligine çekilipdir. Şeýle-de olar, türkmen resmileriniň aýtmagyna görä, häzirki wagt ene-atalary bilen ýaşaýarlar.

Ýöne Günbatar hökümetleri we hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetleriniň yzarlamalaryndan soň habarlaşyp bolmaýan Omargulyýewiň we Garaýewiň ykballaryna ençeme ýyllap alada bildirip gelýärler.

Şu ýyl 30 ýaşamaly aktiwist Omargulyýew 2018-nji ýylyň martynda türkmen diplomatlary tarapyndan Türkiýeden Aşgabada aldaw bilen getirilipdi. Omargulyýew, özüne Aşgabatdan Türkiýä gitmäge rugsat berilmeýändigi barada Azatlyga we beýleki garaşsyz neşirlere habar berenden soň ýitirim boldy.

Şol ýylyň iýunynda Azatlyk Omargulyýewiň Owadandepe türmesindedigi we käbir maglumatlara görä, 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilendigi barada maglumat aldy. Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Türkiýedäki türkmen talyplary jemgyýetini döreden aktiwisti nämede günäkärleýändigi belli bolmady.

2019-njy ýylyň sentýabrynda internetde Omargulyýewiň 17 aý bäri gulluk edýändigi aýdylýan şübheli wideo peýda boldy. Emma şondan bäri, görnüşinden gulluk möhleti tamamlanan-da bolsa, aktiwist bilen habarlaşyp bolmaýar.

Galyberse-de, türkmen wekilleriniň soňky beýanatlaryna garamazdan, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda geýdigini habar berip, Azatlykda açyk çykyş eden ýaş türkmen lukmany Kasymberdi Garaýewiň ykbalyndan hem habar tutup bolmaýar. 24 ýaşly ýaş ýigit polisiýa bölümine çagyrylandan soň ýitirim bolupdy.

Türkmenistanyň Garaýew baradaky jogaby ýurtda bir jynsdaky adamlaryň arasynda jyns gatnaşyklary üçin olary jenaýat jogapkärçiligine çekmezlik ugrunda görülýän ýa-da meýilleşdirilen çäreleri görkezmek talabynyň bir bölegidir. Şeýle hem bu talapda, Türkmenistandan Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasyna laýyklykda göz öňünde tutulan möhletde berlen jezalaryň sany, şeýle hem diskriminasiýanyň öňüni almak we LGBT toparyna degişli adamlara garşy zorluk hadysalaryny dogry derňemek we günäkärleri jezalandyrmak üçin edilen ädimler barada maglumat berilmegi soralýar.

Bu talapda Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýy anyk görkezilýär.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda türkmen hökümeti resmi syýasata tankydy gözde garaýanlary yzarlamakda we ýanamakda, gözegçilikde saklamakda, telefonlaryny barlamakda, syýahatlaryny çäklendirmekde, şeýle-de, galpdygy aýdylýan aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm etmekde tankytlanýar.

Geçen ýylyň martynda ýurtdaky häkimiýet atadan ogla geçip, Serdar Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň, ýurtda öz hak-hukuklary ugrunda çykyş edip tussaglyga höküm edilen birnäçe aktiwist, şol sanda lukman Hursunaý Ismatullaýewa, aktiwistler Dmitriý Medwedew we Sereža Babaniýazow dagy azatlyga çykdy.

Emma şol bir wagtda, türkmen türmelerinde, şol sanda ozalky awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýäni boýunça hem onlarça adam saklanýar, olaryň ençemesiniň ykbaly hem nämälim bolmagynda galýar.

“Olary diri görkeziň!” halkara kompaniýasynyň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanda ýitirim bolanlaryň 162-i ýagdaýy hasaba alnypdyr.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hukuk goraýjylaryň gün tertibine getiren bu meselesi barada hem durup geçdi.

Diplomat “sanawda görkezilen käbir familiýalaryň hatda döwlet edaralarynda hem işleýändigini, käbirleriniň öýünde, ýene käbirleriniň daşary ýurda çykandygyny” öňe sürdi. Emma anyk haýsy adamlar barada gürrüň edilýändigini aýdyňlaşdyrmady.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň agzalarynyň biri, ýagny marokkaly Mahdjub el-Haýba türkmen syýasy tussaglary Nurgeldi Halykowy, Myrat Düşemowy we Mansur Mingelowy azatlyga goýbermäge çagyrdy. Ol 2021-nji ýylda Russiýadan gizlin Türkmenistana getirilen Azat Ysakowyň ykbalyny hem aýdyňlaşdyrmagy sorady.

Hajyýew Halykowy, Mingelowy we Düşemowy azat etmek meselesine garaljakdygyny aýtdy, şol bir wagtda Ysakowyň häzir Lebapdaky öýünde ýaşaýandygyny öňe sürdi. Dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanda bu maglumaty häzirlikçe tassykladyp bolmady.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisi 27-nji fewraldan 24-nji marta çenli geçirilýär. Onuň dowamynda türkmen wekilleri ozal aýan edilen soraglara jogap berýärler. Mejlisiň barşynda türkmen wekillerinden çykyşlaryna has takyklyk girizmegi hem soralandygy hem bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
Halk saz gurallary
Türkmenistan BMG-niň Adam Hukuklary Komitetine žurnalist Ogulsapar Myradowa we geý lukman Kasymberdi Garaýew hakda jogap berdi
Türkmenistan BMG-ä žurnalist Ogulsapar Myradowa we geý lukman Kasymberdi Garaýew hakda jogap berdi