Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy, YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu barada TDH ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini we olara YHG-nyň käbir ýurtlarynyň hem gatnaşýandygyny aýdyp geçdi. Şeýle hem döwlet Baştutany YHG giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işlerimizi giňeltmäge çagyrdy.