Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-nyň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi. Bu barada TDH ýazýar.
Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar we bu işde gurama esasy orunlaryň biri degişlidir.
Şonuň üçin döwlet Baştutany möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýändigine aýratyn üns berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziň potlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow halkara giňişliginde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmak, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmaklygyň YHG üçin möhümdigini belledi.