Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG-niň DIM-niň Geňeşi) 28-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.
Çärä YHG-a agza ýurtlaryň daşary syýasat we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onuň gün tertibine söwda, maýa goýum, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, energetika, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri girizildi.
Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň strategiýalaryny, şol sanda ykdysady ösüşiň täze ýollaryny gözlemegi maslahatlaşdylar hem-de Geňeşiň iş maksatnamasyny, guramanyň sekretariatynyň alyp baran işleriniň hasabatlaryny we 2025-nji ýyl üçin býujetini tassykladylar. Guramada başlyklyk etmek Eýran Yslam Respublikasyndan Gazagystan Respublikasyna geçirildi.
A.Gurbanow mejlisde çykyş edip, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşmak we möhüm binýady emele getirýän we bilelikde işlemek üçin ugurlary kesgitleýän “YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş” we “Aşgabat hereketler ylalaşygy” ýaly YHG-niň maksatnamalaýyn resminamalarynyň ähmiýetini nygtady.
Ulag we logistika düzümlerini, energetikany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary hem-de senagat, serhetýaka söwdasy we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin teklipler hödürlenildi.
Mejlisiň jemleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça strategiki başlangyçlary beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.
Mejlisiň öňüsyrasynda, ýagny 2-nji dekabrda Maşat şäherinde YHG-niň ýokary wezipeli resmileriniň duşuşygy geçirilip, onda ministrler duşuşygyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy.