“Türkmenistan ýewropalylara garanda, Owganystandan has gowy baş çykarýar” CIFAL-ň baş direktory

Hökümete tarapdar türkmen neşiri “Turkmenportal” Fransiýanyň CIFAL kompaniýasynyň baş direktory Ýürgen Kran (Jürgen Krahn) bilen söhbetdeşlik çap etdi.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy we Owganystanyň üstünden geçiriji gurmagyň problemalary hakyndaky soraga jogap berip, Kran “ol ýerdäki ýagdaýyň öwerlik däldigi” bilen yalalaşdy. “Emma, ýewropalylardan tapawutlylykda, Türkmenistan ol ýerde nämeleriň bolup geçýänine düşünýär” diýip, ol aýtdy.

Fransuz kompaniýasynyň başlygynyň pikiriçe, Türkmenistan Owganystana elektrik toguny we suwaldylan gaz ibermek bilen, “hakykatda mugt diýen ýaly” kömek edýär. “Bularyň ählisi amatly ýagdaý döredýär, Türkmenistan bolsa dünäýde Owganystandaky ýagdaýlardan ilik-düwme baş çykarýan ýeke-täk ýurt bolup durýar” diýip, Kran “ähli meseläni çözüp bolýandygyny” belledi.

Mundanam başga, Kran Türkmenistanda işleýän daşary ýurt firmalarynyň töleg meselesi bilen baglylykda problemalarynyň bardygyny tassyk etdi. Emma, türkmen neşiriniň sitirlemegine laýyklykda: “Bu diňe Türkmenistanda däl, ähli ýurtda bolýan zat. Biz gaty gowy düşünýäris, krisiz döwründe bu ägirt uly pronlema”. Biznesmeniň pikirine görä, Türkmneistandan hiç bir kompaniýa bu hili ýagdaýlar sebäpli gitmeýär.

Ýatladýarys, krizis başlanandan soň daşary ýurt kompaniýalarynyň birneçesi türkmen tarapynyň edilen işler üçin özlerine töleg tölemezliginden şikaýat etdi:

• “Türkmengala” döwlet kompaniýasy “Unionmatex Industrieanlagen GmbH” nemes inženerçilik kompaniýasyna 32 mln ýewro betrgilii boldy;

• Türkmenistan Garlykdaky dag-magdan kombinatynyň gurluşygyüçin belarus potratçylaryna $42 milliondan gowrak bergili boldy;

• Türkiýäniň “Polimex” firmasy Olimpiýa şäherçesindäki desgalaryň, aeroportuň we Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyndaky işleri üçin köp million dollarlyk algylaryny alyp bilmänsoň, Türkmenistandaky işini goýbolsun etdi;

• “Türkmennebit” döwlet konserni Kipriň “I.C.Intercomplect Ltd” kompaniýasyna $7 milliondan gowrak bergili boldy.

Umuman alnanda, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” $25 mln möçberinde bergili boldy;

• 2018-nji ýylyň ýanwartynda türk gurluşykçylary Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde piket gurnap, bergileriň berilmegini talap etdler.

CIFAL Türkmenistanda baryň 1990-njy ýyllardan bäri işleýän iri potratçylaryň biri bolup durýar.Hususan-da, farnsuz kompaniýasy TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň içinden geçjek böleginiň taslamlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar. 2018-nji ýylyň awgustynda CIFAL-yň ýolbaşçysy Jil Remi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa onuň “Türkmneistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň fransuz dilinde çykarylan nusgasyny sowgat berdi.

Ýene degişli makalalar

Amerikan kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrýar
German kompaniýasy Türkmenistany suda berýär
Türkmenistanyň üstünden ýene iki daşary ýurt kompaniýasy maýa goýum şikaýatyny etdi
Türkmenistan MTS-iň şikaýatlaryndan gorajak aklawçysyny kesgitledi
“Türkmenhimiýa” “Belgorhimproma” Garlyk kombinatynyň gurluşygy üçin $150 mln bergili boldy
MTS bilen bagly dawada Türkmenistany gorap çykyş etjek aklawçy kesgitlendi