Täze Airbus A330-200P2F ýük uçary türkmen milli howa gatnadyjysy Turkmenistan airlines kompaniýasynyň uçar parkynyň üstüni ýetirdi. Bu Türkmenhowaýollary bilen ýewropaly öndürijiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde gelen iki uçaryň birinjisidir.
Hereketlendirijisi Rolls-Royce Trent 700 bolan uçaryň ýük göterijiligi uçuşyň uzaklygy 13,4 müň km bolanda 60 tonna golaýdyr. Bu ýurduň uçar flotyndaky ýewropa öndürijisinden alnan ilkinji uçardyr.
Uçara tehniki we uçuş taýdan hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada taýýarlyk geçýärler.
Ozal ORIENT Ýewropanyň aerobuslarynyň türkmen uçar flotynyň Merkezi Aziýadaky esasy flot hökmünde derejesini berkitmäge nädip goldaw berjekdigi barada jikme-jik ýazypdy.
ORIENT habarlar