Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi.Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen bu kanun taslamasy biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Çeşme: “Türkmenhowaýollary” agentligi

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada resminama gowşuryldy
Ýewropa Bileleşiginiň giňelmegi
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky Teswirnamany tassyklamak barada habar berildi
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça kanun kabul edildi
Ýylyň iň güýçli pasportlary