Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Baş edarasynyň ýerleşýän Belgiýanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji duşuşygy geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, ikitaraplaýyn görnüşde hem Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar bolan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin hyzmatdaşlygy boýunça düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň şu gezekki duşuşygynyň gün tertibine söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze strategiýasy babatda garalan Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ulgamynda özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek baradaky meseleler girizildi.

Taraplar makroykdysady ýagdaýy, özara bähbitli haryt dolanyşygynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikdäki işleriň netijelerini seljerdiler hem-de geljegi uly taslamalara garadylar.Hukugyň ileri tutulmagy, döwlet dolandyrylyşynyň özgerdilmegi, maliýe we maýa goýum gatnaşyklary, howpsuzlyk, hususan-da, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň dolanyşygyna häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga baha berildi.

Bu howplara garşy durmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy we üznüksiz şerti bolup durýar. Şeýle hem bilim we tehniki hünär taýdan bilim almak, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi, energetika hem-de ulag ulgamy ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ösüşe eýe bolýar, köp ulgamlarda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň sebitleriniň hem-de ikitaraplaýyn derejesinde goşulyşmak güýçlenýär. Ýewropa Bileleşigi durnukly ösüşe we durmuş-ykdysady rowaçlyga gönükdirilen birnäçe ykdysady taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşydyr.

Geçen ýyl bilim, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet ulgamlarynda taslamalar has işjeň amala aşyryldy. 2018-nji ýylda amala aşyrylýan taslamalary seljermek hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tehniki taýdan ýardam bermek baradaky täze maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýewropa Komissiýasynyň wekilleriniň Türkmenistana birnäçe saparlary boldy.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça bilim, ylym, energetika, oba hojalygy, hukuk özgertmeler, hususy ulgam we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda taslamalaryň 10-sy amala aşyrylýar. Şolaryň üçüsi milli we ýedisi sebitleýin derejedäki taslamalardyr.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugrudyr.Hyzmatdaşlyk edilmeginiň ýyllarynda TEMPUS, ERAZMUS MUNDUS, ERAZMUS+, KAREN ýaly bilim maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary üçin işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini, hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça onlarça taslamalar durmuşa geçirildi.

Häzirki günde ERAZMUS+ maksatnamasynyň çäklerinde üç taslama, şol sanda oba hojalygynda innowasiýalar, täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimi kämilleşdirmek, ulag pudagyny dolandyrmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan täze wezipelerini nazara alyp, milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň iri möçberli meýilnamalary hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, türkmen tarapy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň çäklerinde ähli derejeleri — başlangyç, orta, ýokary hünär bilim derejelerini öz içine alýan bu ugry güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Ýewropada we Merkezi Aziýada uniwersitetleriň arasyndaky özara alyşmalary, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işjeňleşdirmek maksadalaýyk bolar.

Döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek babatda özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy bolmagynda galýar.Bu ugurda Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň Kanunyň ileri tutulmagynyň meýdançasy diýen sebitleýin taslama gatnaşýar.

Taslamanyň çäklerinde okuw maslahatlary hem-de beýleki okuw çäreleri guralýar.Adam hukuklary boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasynda her ýylky gatnaşyklar hem hyzmatdaşlygyň gurallarynyň biri bolup durýar. Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalaryň uly toplumy maliýe-ykdysady ulgama degişlidir.

Muňa tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, hususy ulgamyň ösüşini goldamak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we beýlekiler ýaly ugurlar hem girýär.Häzirki wagtda Oba hojalygyny we obany mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek atly milli taslama amala aşyrylýar.

Onda, esasan, ýurdumyzyň sebitleriniň obasenagat toplumyna degişli pudaklarda telekeçiligi höweslendirmäge üns berilýär.Bu taslamalaryň ählisi halkara ölçegleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň maksatnama üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagyna hem-de türkmen ykdysadyýetiniň ol ýa-da beýleki ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini belläp, Türkmenistanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady işiň giňeldilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän ulag geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini kemala getirmegiň taslamalary ýardam edýär. Ýurdumyzyň tebigy gazyň we nebitiň düýpli gaýtadan işlenilmegini ugur edinýän ykdysady ösüşi maýa goýum hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry ulgamlaryna gaýtadan seredilmegini talap edýär.

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini özleşdirmek hem hyzmatdaşlyk üçin aýratyn gyzyklanma döredýär.Daşky gurşawy goramak ulgamy, esasan-da, suw we biologiýa serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almak, howa zyýanly galyndylaryň zyňyndylaryny azaltmak, çölleşmäge garşy göreş hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mejlisde serhetleri dolandyrmak hem-de neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreş boýunça sebit maksatnamalarynyň çäklerinde howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň tejribesine we mümkinçiliklerine garaldy, bu ugurlarda Türkmenistan eýýäm 15 ýyla golaý wagt bäri işjeň orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüji syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmek maksadynda bu ugurda anyk çäreleri geçirýär.Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän, sebit we ählumumy derejede oňyn özgertmeleriň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlar hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
26.02.2019 | Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
Halypalyk mekdebi
Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar
28.05.2019 | Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar