Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, her gektardan ýeralmanyň 140 sentner hasylyny almaklygy maksat edinýän lebaply daýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, ideg işlerini, ýagny suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek, zerur bolan organiki hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çärelerini yzygiderli alyp barýarlar.
Şu möwsümde Çärjew etrabynda 480 gektar, Dänew etrabynda 350 gektar, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýerde ýeralma ekilip, ekinlere ideg işleri has-da göwnejaý alnyp barylýar. Şeýle hem welaýat boýunça şu ýyl 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekilip, her gektaryň hasyllylygyny 250 sentnere ýetirmeklik, möwsümde bolsa 22 müň 500 tonna sogan öndürmeklik göz öňünde tutulýar.
Bu işde degişlilikde 230 we 221 gektar ýerde ýazlyk sogan eken Çärjew we Hojambaz etraplarynyň gök ekerançylary has tapawutlanýarlar.