Türkmenistan ýene-de birnäçe ýurt bilen howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan ýene-de birnäçe ýurt bilen howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan awiakompaniýasy Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlary bilen howa aragatnaşygyny ýola goýup biler. Bu barada Türkmenhowaýollary Agentliginiň başlygy Döwran Saburow şu gün Aşgabatda geçirilen ITTC-2023 halkara forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýlelik bilen, geljekde Seula (Koreýa Respublikasy), Tokio (Ýaponiýa), Milana (Italiýa), Jidda (Saud Arabystany), Hoşimine we Hanoýa (Wýetnam) Aşgabatdan göni uçmak mümkinçiligi döräp biler.

Dünýädäki durnuksyzlyga garamazdan, 2023-nji ýylda ýolagçy gatnawynyň umumy ösüşiniň, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende — 168,7%, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa, 136,3% ýokarlanmagyna garaşylýar diýip, Döwran Saburow aýtdy. Ýük daşamalarynyň garaşylýan ösüşi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende — 155,4%, geçen ýyl bilen deňeşdirilende bolsa, 112,7% bolar.

Täze ýurtlara uçuşlar barada maglumat bermek bilen, Türkmenhowaýollary Agentliginiň başlygy Milana (Italiýa), Tokio (Ýaponiýa) we Gonkonga (Hytaý) täze ýük gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilendigini aýtdy. Şu ýyl Türkmenistan awiakompaniýasynyň ýük flotyna iki sany Airbus A330-200P2F uçary goşuldy.

Munuň özi bu halkara ýük ugurlary ulgamyny işjeň ösdürmäge we giňeltmäge mümkinçilik berer.Airbus uçarlary Aziýa-Ýewropa ugry boýunça Koreýa Respublikasy, Wýetnam, Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa we Çehiýa ýaly ýurtlara ýük gatnawlaryna üstünlikli girişdi. Şunuň bilen baglylykda, indi ýük dolanyşygynyň ýylda 60 müň tonna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Bellenilmegine görä, Agentligiň maksatlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin döwlet tarapyndan 700 million dollardan gowrak maýa goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi