Awiasiýa howpsuzlygynyň Ýewropa agentligi (ЕASA) uçarlarynyň ÝB ýurtlaryna uçmak rugsadyny yzyna alandan soň, “Türkmenhowaýollary” Birmingemdäki ýolagçylaryny Aşgabada getirmek üçin Ispaniýanyň “Wamos Air” çarter awiakomapaniýasynyň uçaryny hakyna tutdy. Bu barada Гундогар7-nji fewralda habar berdi.
Awiakompaniýanyň uçuşlary türkmen howa gämileriniň halkara howpsuzlyk standartlarynyň talaplaryny ödemezligi bilen baglylykda togtadyldy.
Türkmen tarapy öz uçarlaryna girizilen gadaganlyk bilen bagly ýagdaýa hiç bir düşündiriş bermeýär. Birmingeme, Londona, Maýne boýundaky Frankfurta we Pariže uçar gatnawlarynyň goýbolsun edilýändigi baradaky maglumat döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde çap edilmedi.
Türkmenistan bilen “Wamos Air” awiakomapaniýasynyň arasynda gelnen ylalaşyk belli bolmazyndan öň “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabatdan Birmingeme we yzyna uçmaly uçarlarynyň birnäçesi ýerine uçar tutmazdan, goýbolsun edildi. Ýolagçy gatnadyjynyň öňünden satyn alnan, emma ulanylmadyk biletleriň öwezini dolýandygy barada maglumat çykmady.
Bularyň üstüne goşup boljak bir zat, “Türkmenhowaýollarynyň”twitterdäki resmi sahypasynda 6-njy fewralda “Birmingemden Aşgabada we soňra Amritsara uçýan T5 422 belgili uçaryň raspisaniýa boýunça işlejekdigi” hakynda ýazgy peýda boldy. Şoňa çenli bu hasapda galdyrylan soňky ýazgy 2018-nji ýylyň 4-nji sentýabryna degişli.