Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyny baglaşdy, adam hukuklary sorag astynda galýar

Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyny baglaşdy, adam hukuklary sorag astynda galýar

Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mohgerini bilen geçirilen duşuşyklar mahalynda Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen TW-si 6-njy iýulda habar berdi.

Federika Mogherini Aşgabada 6-njy iýulda, türkmen paýtagtynda ÝB-niň döwrebaplaşdyrylan wekilçilikli edarasyny açmaga geldi.Türkmenistan Merkezi Aziýada şeýle doly derejeli edaranyň açylan iň soňky ýurdy boldy.Mogherini Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow, Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Sapar wagtynda Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝB-niň Atom energiýasy boýunça ýewropa jemgyýetiniň arasynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetini döretmek we onuň artykmaçlyklary, immunitetleri hakynda ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. "Men gadyrly kabul ediş, biziň ýap-ýaňy gol çeken ylalaşygymyz üçin örän minnetdar, jenap ministr.

Bu ylalaşygyň biziň sentýabrdan diplomatik nukdaý nazardan doly derejede Aşgabatda bolmagymyzy üpjün etmegine umyt baglaýaryn” diýip, Mogherini gol çekiş dabarasynda aýtdy. "Biz, elbetde, öz ýurdumyz bilen ÝB-niň arasynda bilim, medeniýet [we] ylym boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda gepleşdik” diýip, Meredow dabara wagtynda aýtdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, pikir alyşmalaryň barşynda “Türkmenistanyň we ÝB-niň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy howplara we häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge ymtylýandygy tassyklanyldy.” “Gamgyn, @FedericaMog üç minuda golaý kameralaryň öňünde bolup, dünýäniň iň bir repressiw diktaturalarynyň biriniň içinde, juda zerur kanun hökmürowanlygyna çgayrmakdan geçen, “adam hukuklary” sözüni bir gezek hem agzap bilmedi” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň adam hukuklary boýunça derňewçisi we aklawçysy Stiw Swerdlow bu duşuşykdan soň öz twitter hasabynda ýazdy. ​ Türkmen mediasy F.Mogherininiň sözlerine salgylanyp, ÝB-niň türkmen lideriniň öňe süren halkara başlangyçlaryna "ýokary baha berýändigini" habar berdi.

F.Mogherini Mejlisde we DIM-de geçiren duşuşyklaryndan soň türkmen telewideniýesi bilen gysgaça söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Biziň duşuşyklarymyza işjeň häsiýet mahsus boldy, ol dürli ugurlar boýunça pikir alşylan meleleriň oňyn çözgüdini üpjün etdi.

Durnukly ösüşe eýe bolmak bilen Türkmenistan dürli ugurlarda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär.Bu bolsa, beýleki döwletler bilen bolşy ýaly, ýewropa ýurtlary bilen özara işewür, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi hyzmatdaşlyklary täze belentliklere ýetirer.Gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin türkmen liderine hoşallyk bildirýärin.Biziň bilelikdäki işlerimiziň rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynanýaryn.” ÝB-niň daşary syýasat başlygy F.Mogherini Merkezi Aziýa edýän iki günlük saparynyň çäginde ilkinji nobatda Aşgabada bardy we hukuk goraýjylar bu saparyň öňüsyrasynda ony sebitdäki adam hukuklary meselelerine üns bermäge, şol sanda türkmen hökümetine uzak wagt bäri türmede saklanylýan dissident Gulgeldi Annanyýazowyň azat edilmegi üçin basyş görkezmäge çagyrdylar. “Türmenistanda dünýädäki iň bir repressiw hökümetleriň biri bolup, ol ýerde aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylary tussag etmegiň uzakdan gelýän ýazgysy bar” diýip, adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber ýazdy. “Bu ÝB-niň täze Merkezi Aziýa strategiýasynda nazarda tutulyşyndan has aňyrda, ol ýerde regionyň ýurtlarynyň adam hukuklary pudagyndaky standartlary saklamagyna, hukuk goraýjylaryň we žurnalistleriň öz işlerini erkin ýerine ýetirmegine rugsat berilmegine, adam gynamalarynyň ýok edilmegine adalatly çagyryş edilýär” diýip, Denber sözüniň üstüni ýetirdi.

Denber Ýewropa Bileleşigini türkmen hökümetine ÝB-niň Aşgabatdaky täze edarasynyň “ýurtda adam hukuklary ýagdaýynyň hakykat ýüzünde üýtgemegine basyş etmekde hiç bir tagallany gaýgyrmajakdygyny” aýtmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropanyň Diplomatik kollejinde brifinge gatnaşdy
Astrahandaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly edebi agşam geçirildi
Läbik wulkanlar
Resmi habar
Türkmenistanyň we Russiýanyň ÝOM-y Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekerler
Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekerler