Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda dürli görnüşdäki yzygiderli duşuşyklaryň hem-de parlamentara gatnaşyklaryň netijesinde barha pugtalanýan ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Gyrgyzystanyň Çolpan ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewropa Bileleşiginiň döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.
Amannepesow, hususan-da, her ýyl ÝB—Türkmenistan komitetiniň mejlisleriniň geçirilýändigini, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Amannepesow Türkmenistanyň serhetleri dolandyrmak, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak, hukuk goragy işi, söwdany ösdürmek, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygy, suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ýaly bilelikdäki taslama ugurlarynyň giňeldilmegini goldaýandygyny mälim etdi.
Amannepesow, şeýle hem, Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy, ýaşlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak we iş mümkinçilikleri babatynda ýakynda başy başlanan maksatnamalary we taslamalary belläp geçdi. Türkmenistan Team Europe-yň sanlylaşdyrma, energetika, suw serişdeleri we howanyň üýtgemegi ugurlaryndaky başlangyçlaryny goldaýar we bu ugurlarda bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary we biri-birine sepleşip ulag ýollaryny ösdürmek Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndan orun aldy.
Sammitde bellenilişi ýaly, geosyýasy ýerleşişi boýunça Merkezi Aziýanyň üstaşyr we ulag-aragatnaşyk pudagynda ägirt uly geljegi bar.Muňa mysal edip, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag arabaglanyşyklary boýunça gözlegleri bellendi. Şeýle-de bolsa, türkmen tarapy Owganystanyň üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini öwrenmegi möhüm hasaplaýar.
Onuň ulanylmagy diňe bir ýük akymlary üçin täze ýollary açmak bilen çäklenmän, eýsem bu ýurduň ykdysady ösüşine hem goşant goşar.
Türkmenistan halkara we sebit derejesinde ulag pudagynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ugurdaky birnäçe Kararnamalary kabul edildi. Demir ýollary, gara ýollar, howa ýollary we suw ulaglary arkaly howpsuz we özara bähbitli halkara geçelgeleri ösdürmek boýunça tagallalar dowam etdirilýär.