Türkmenistan bilen Ýaponiýa duşenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji mejlisinde iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlise “Itochu Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary işler ministri mejlisi açmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň we ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Gepleşiklerde energetika, senagat we ulag ýaly ykdysadyýetiň möhüm ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar birnäçe ylalaşyklara, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekdiler.
Ýapon wekiliýetiniň sapary Türkmenistanyň döwlet düzümlerinde duşuşyklaryň geçirilmegini hem öz içine alýar. Şolarda geljekki taslamalar başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşylar.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen Itochu Corporation kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşynlar we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine ýardam edýändigini bellediler. Nebitgaz senagaty, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, senagat, elektroenergetika we “ýaşyl” ykdysadyýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Komitetleriň başlyklary häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary hem jikme-jik gözden geçirdiler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara ynanyşmaga we umumy bähbitleriň hasaba alynmagyna esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylýandygyny nygtadylar.