Türkmenistan ýakyn wagtda Eýrana gaz eksport edip başlar

Türkmenistan ýakyn wagtda Eýrana gaz eksport edip başlar

Eýran ýakyn wagtda Türkmenistan bilen tebigy gaz importy hakynda şertnama baglaşar. Bu barada Eýranyň nebit ministrine salgylanyp, Mehrnews habar berdi.

Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan günde, takmynan, 10 million kub metr tebigy gaz import ediler diýip, Jawad Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen bolan duşuşygyň çäginde žurnalistlere aýtdy.

Onuň bellemegine görä, gaz importy eýýäm ýakyn wagtda başlar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny nygtady.

Habar berilmegine görä, iň soňky 1401-nji eýran senenama ýylyndaky (2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlandy) maglumata laýyklykda, Eýran ABŞ-dan we Russiýadan soň dünýäde üçünji uly gaz öndürijisi bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
Eýran günde 10 million kub metr türkmen gazyny import eder
Energetika we tebigy serişdeler ministri Eýranda saparda bolýar
Eýranyň energetika ministri Aşgabatdaky serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,18% artdy