21-nji ýanwarda geçen Ministler Kabinetiniň mejlisinde DIM Raşid Meredow wodorod energiýasy boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek işleri bilen bagly prezident Berdimuhamedowa hasabat berdi diýip TDH täzelikler gullugy habar berýär.
Meredowyň gürrüň bermegine görä, soňky ýyllarda az uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçilýändigi belli bolýar. Bu däp bolan energiýa talabyň geljekde kemelmegine getirer.
Şonuň bilen bagly “2022-2023-nji ýyllarda wodorod energiýasy boýunça Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada ýol kartasynyň” taslamasy düzüldi.
Türkmenistan pudaga iri maýadarlary çekip wodorod energiýasyny öndürmek, saklamak we daşamak boýunça düýp gurluşy döretmegi göz öňünde tutýar.
Bu maksatlaryna ýetmek üçin halkara guramalar şol sanda, Halkara energiýa edarasy, Halkara energiýa Hartiýasy, Atom energiýasy halkara guramasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk teklip edilýär.
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Ýagşymyrat Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek, şol sanda, çet ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylmy gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär.The post Türkmenistan wodorod ýangyjynyň önümçiligine başlamagy göz öňünde tutýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.