Türkmenistan WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistan WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar

9 — 17-nji iýul aralygynda Ženewada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçiligi, awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary we emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem WIPO-nyň Assambleýasynyň çäginde, Administratiw Geňeşiň mejlisini goşmak bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler geçiriler.

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary Assambleýanyň meýdançasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň geçirjek ikiataraplaýyn duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp masahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär
Türkmen we german alymlary EA-nyň esasynda lukmançylyk enjamyny döretdiler
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmenistan we ÝPG amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar
Türkmen alymlary derini ýaşardýan laktoza gelini döretmegiň tehnologiýasyna patent aldylar
Türkmenistanly alymlara ýowşanyň efir ýagyndan ýasalan melhem üçin patent berildi