Türkmenistan welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär

28-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek atly Kararnamasynyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň we beýlekileriň çykyşlary diňlenildi.

Öz çykyşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow golaýda ýurdumyzda geçirilen derwaýys syýasy wakalaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan, edil şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň halkara işleriniň ilerledilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda şäher ulag ulgamynyň durnuklylygynyň we ekologik aýratynlyklarynyň üpjün edilmeginde welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmäge taýýarlygyny beýan etdi.

Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlaryndan söz açýan wideorolik hem görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing
Ilat ýazuwy boýunça BMG-niň ýokary derejeli bilermen wekiliýetiniň brifingi geçirildi
DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar