
Şu gün Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol çekdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, resminamada bilim ulgamynda ösen maglumat tehnologiýalaryny ulanmak we tejribe toplamak boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary hödürlenýär.