Türkmenistan we ÝPG amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistan we ÝPG amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistan we Ýewraziýa patent guramasy (ÝPG) amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine hem-de intellektual eýeçiligi goramagyň hukuk meselelerine garadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy Grigoriý Iwliýew bilen bolan duşuşygynda maslahatlaşyldy.

Duşuşykda bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyna we geljegine hem-de bilelikde çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalara garaldy.Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝPG-niň işine işjeň gatnaşýandygyny, ýurduň bu guramanyň esas goýujy resminamasy bolan Ýewraziýa patent Konwensiýasyna goşulan ilkinji döwletdigini nygtadylar.

Türkmen tarapy Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen tanyşdyrdy. Bu Maksatnamada degişli ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge we ony halkara ölçeglere laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýewraziýa patent guramasy Ýewraziýa patent ulgamyny we patentleri bermek işini dolandyrmak üçin döredilen halkara hökümetara guramasydyr. ÝPG-niň düzümine 8 döwlet, ýagny Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa patent guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Ýewraziýa patent guramasynyň Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Ýewropa Bileleşiginiň Gyş kubogy 2023 ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
“Daragt”: Ösümliklere ideg etmekde ygtybarly mobil kömekçi
ПЕРЕДОВЫЕ РЕШЕНИЯ В УПРАВЛЕНИИ ГОРОДОМ АРКАДАГ