Ylymlar akademiýasynyň maslahatlar zalynda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligni azaltmak babatda tejribe alyşmak boýunça türkmen- ýapon seminary geçirildi. Ýaponiýaly hünärmenleriň gatnaşan forumy TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy agentliginiň (JICA) bilekidäki Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikleriň ulgamyny gowulandyrmak“ taslamasynyň çäklerinde gurnaly.
Duşuşygyň maksady- tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek babatda dünýäde öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we ýaponlaryň tejribesi hem-de taslamanyň wezipeleri bilen tanyşdyrmak, seýsmologiýa, gurluşyk, adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak we ş.m. ugurda işleýän ylmy edaralaryň, ugurdaş pudaklaýyn düzümleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakdyr.
Seminara bilelikdäki taslamanyň wekillerinden başga-da, BMG-yň Wekilhanasy, Milli Gyzyl Ýarym aý Jemgyýeti, Aşgabat şäheriniň häkimligi, maliýe we ykdysadyýet, bilim, gurluşyk we binagärlik, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenstandartlary“ Baş döwlet gullugynyň, Türkmengaz“ Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri Baş müdirýetiniň, seýsmiki durnukly gurluşyk institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Aşgabatgaz“ müdirýetiniň we beýleki edaralryň hünärmenleriniň üç ýüze golaýy gatnaşdy.
TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewanyň belleýşi ýaly, Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikleriň ulgamyny gowulandyrmak“ taslamasy Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda Dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda bilelikdäki beýannamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Maksatnama seýsmologiýa gözegçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Aşgabadyň ýerleşýän ýerinde inžener-geologiýa howpa baha bermäge we ýer titremelerine taýýarlygy ýokarlandyrmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Gözegçiligň maksatlaýyn ulgamyny döretmek üçin gözegçiligň her tapgyrynda , maglumatlary işlemegi we bermegi, şeýle hem olary ulanmagy öz içine alýan gözegçiligiň her tapgyrynda dürli pudaklaýyn gurluşlaryň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek möhümdir. Taslama ýer titremeleri baradaky maglumatlary gyzyklanýan guramalaryň ählisine dessin berilmegine gönükdirilendir.
JICA agentliginiň Türkmenistana güýçli sarsgynlary hasaba almak boýunça döwrebap seýsmologik enjamy, sanly seýsmiki stansiýalary, maglumatlary işlemek boýunça progarmmalaýyn serişdeleri bermegi göz öňünde tutulýar. Institutyň hünärmenleri Ýaponiýada seýsmologik maglumatlary işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny öwrenerler.
Betbagtçylyklaryň öňüni almaga, dessin seslenmäge we onuň netijelerini ýok etmäge jogap berýän guramalary mümkingadar howp barada habardar etmek üçin netijeli aragatnaşyk serişdeleri- ara alyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy.
Ýapon hünärmenleri şeýle gürrüň berdiler.
Ko GOTO, Ählumumy daşky gurşaw departamentiniň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligni peseltmek boýunça toparynyň direktory, JICA (Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygy agentligi):
-Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikleriň ulgamyny gowulandyrmak taslamasy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygy agentliginiň Türkmenistandaky ilkinji taslamasydyr. Biziň hyzmatdaşymyz - TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutydyr. Seminar bu ulgamda dünýä ýörelgelrini, şol sanda halkara-2015-2030-njy ýyllara betbagtçylyklaryň töwekgelçiligni azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly Maksatnasyny öwrenmäge we ýaýratmaga gönükdirilendir.
Duşuşyk, gürrüňsiz, adatdan daşary ýagdaýlay duýdurmaga we olary aradan aýyrmaga jogapkärli guramalaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim bolar.
Ýoşitaka ÝAMAZAKI, JICA toparynyň bilermenleriniň lideri:
-Taslamanyň durmuşa geçirilmegi alynýan seýsmologik maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Seminara gatnaşanlar stansiýalar bilen gözegçilik merkeziniň arasynda maglumatlary alyşlamgyň amatly kanalyny saýlamagyň üstünde işleýärler. Onuň dürli ugurlaryna, şol sanda optiki-süýümli kanallaryna, älem we ykjam aragatnaşygyna we ş.m. garaldy.
Koiçi HASEGAWA, JICA toparynyň bilermenleriniň torpagyň güýçli sarsgynlaryny seljermek boýunça hünärmeni:
-Üç ýarym ýyla niýetlenen taslamanyň durmuşa geçirilmegi bolan ýer titremesiniň möçberini çalt kesgitlemäge mümkinçilik berer. Topragyň sarsgynyna gözegçiligiň maglumatlary esasynda seýsmiki işjeňlik, gipomerkeziň we ýer titremesiniň magnitudasynyň ýerini seljermek üçin maslahatlar taýýarlanar. Soňky tapgyr- zerur enjamlaryň alynmagy, güýçli sarsgynlar stansiýalaryndaky degişli işler, gatlak üstündäki seýsmiki tolkunlaryň tizliginiň ugurlaryny öwrenmek.
Hongjun SI, JICA toparynyň bilermenleriniň güýçli sarsgynlary seljermek boýunça hünärmeni:
-Taslamanyň maksatlarynyň biri- hakyky wagt düzgüninde seýsmologik gözegçiligiň sanly ulgamyny herekete getirmek. Zerur enjamlar iberiler, seýsmologik gözegçiligiň sanly ulgamy işlenilip taýýarlanylar we hünärmenlere döwrebap enjamlarda işlemek öwrediler. Garaşylýan netijeleriň arasynda - - hakyky wagt düzgüninde seýsmologik gözegçiligiň sanly ulgamyny işläp düzmek we herekete getirmek bar. Tematiki seminarlar tapgyryny geçirmek göz öňünde tutulýar.