Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Halkara Ösüş Guramasy (USAID) 2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Garagum derýasynyň kenarynda suw akymyny ölçemek üçin täze awtomatlaşdyrylan ulgamy işe girizdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow we Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Garagum derýasynyň kenarynda suw akymyny ölçemek üçin täze awtomatlaşdyrylan ulgamy işe girizmek dabarasyna gatnaşdylar.
Bu ulgam arkaly alynýan maglumatlar hakyky wagtda elýeterli bolup, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine oba hojalyk, agyz suw maksatlary hem-de senagat ähmiýetli zerurlyklar üçin suwuň has takyk bölünişigini meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Suw akymyny ölçemek üçin täze awtomatlaşdyrylan ulgam ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasynyň Merkezi Aziýada suw serişdeleri we daşky gurşaw baradaky sebitleýin taslamasynyň grant serişdelerini alan “Bosfor” jemgyýetçilik guramasy we “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi tarapyndan ornaşdyryldy.
Amerikanyň Halkara Ösüş Guramasynyň alyp barýan işi Syrderýa bilen Amyderýa sebitlerinde suw serişdelerini dolandyrmak we ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak ugrundaky sebitleýin mümkinçilikleriň güýçlendirilmegine gönükdirilendir.