Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler

13-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty we 2024-nji ýyl Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilmeli çäreler boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Duşuşykda TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen mümkin bolan ähli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary TÜRKSOÝ-yň edara binasynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplaryň we suratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler
Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýär
Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar atly ýörite maslahat geçirildi