Ilçi Ahmet Demirok Türkiýe Respublikasynyň 15-nji aprelden 22-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilýän Syýahatçylyk hepdeliginiň tanyşdyrylyş dabarasynda Ankara bilen Aşgabatyň arasynda göni uçuşlary ýola goýmak üçin ýakyn wagtda degişli işleriň ediljekdigini aýtdy. Bu barada Turkmenportal-yň habarçysy habar berdi.
Diplomat munuň ulag gatnaşyklaryny we iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Ilçiniň sözlerine görä, paýtagtlaryň arasynda göni uçuşlaryň açylmagy syýahatçylygyň, işewürligiň we medeni alyş-çalyşyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşar. Bu Türkiýäniň we Türkmenistanyň raýatlaryna syýahat etmäge we iki ýurduň gözel ýerlerini görmäge has elýeterli mümkinçilik döreder.
Ankara bilen Aşgabatyň arasynda göni uçuşlary ýola goýmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir, bu ugur giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäginde Türkiýe bilen Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedir.