Türkmenistan we Türkiýe Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýardam bermeginde tejribe alyşýarlar.
Bu barada FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu aýdýar diýip, Trend habar berdi.
Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, pagta önümçiliginiň gowulaşmagyna we hasylyň ýokarlandyrylmagyna goldaw bermek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça başlandy. Şu başlangyç esasynda Türkiýäniň Pagta gözleg instituty bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýduk diýip, Wiorel Gusu aýdýar.
Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Türkiýeden ýörite wekilýetiň Türkmenistana, türkmen wekiliýetiniň bolsa, tejribe alyşmak maksady bilen, Türkiýä baryp görendigi bellendi.
Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň şu görnüşi Türkmenistanda we Türkiýede pagta önümçiligini gowulandyrmak boýunça uzakmöhletleýin işleri ýola goýmaga badalga berdi.