Türkmenistan we Türkiýe: gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistan we Türkiýe: gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. TDH-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurduň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär.Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny alamatlandyrdy.

Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň PETRONAS Çarigali kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Balkanda benzin gytaldy, daşary ýurt ýük ulaglaryna satylýan dizeliň mukdary çäklendirildi
Gyzylarbatda gaz üpjünçiligi ýaramazlaşdy, hünärmenler elde ýasalan peçlere alada bildirýär