Türkmenistanyň hökümetiniň wekiliýeti Täjigistanyň birnäçe ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň barşynda nebit we gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we energiýa üpjünçiliginiň gerimini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahallyýewiň Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ziýozod Süleýman Rizoi bilen duşuşygynda Täjigistana iberilýän energiýa serişdeleriniň gerimini giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy Guwanç Atajanow bilen Täjigistanyň Talko alýumin kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Nejibullo Rajabow we Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň nebit-gaz meseleleri boýunça orunbasary Şoimzoda Hudobahş bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda nebit-himiýa we nebit önümleri pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.