Türkmenistan we Singapur köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan we Singapur köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

17-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna deglip geçildi.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi
Möwsümiň ahyrynda “Barselonadan” ýedi oýunçy gider
Şwesiýaly biatlonçylar Dünýä çempionatynyň Çehiýadaky tapgyrynda singl-miksde ýeňiji boldular
Bäsdeşlerinden ozdurar
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 23 adam ýogaldy