Türkmenistan we Owganystan energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar

Türkmenistan we Owganystan energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar

Owganystanyň energiýa kompaniýasy (Da Afghanistan Breshna Sherkat) hem-de Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň Hyrat Nur-ul-Jihad bekedine elektrik toguny ibermek taslamasy boýunça duşuşyklary tamamladylar.

Owganystanyň energiýa kompaniýasynyň (DABS) habaryna görä, gepleşikleriň tapgyry DABS-nyň Baş müdiri bilen Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň tehniki wekilleriniň arasynda bilelikdäki Teswirnama gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda geçirilen Owganystanyň energiýa kompaniýasynyň resmi wekilleri bilen Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň tehniki wekilleriniň arasyndaky bilelikdäki duşuşyklaryň dowamynda hem Hyrat Nur-ul-Jihad bekediniň mümkinçiliklerini giňeltmek taslamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki tarap hem taslamanyň dürli taraplary barada şertli ylalaşyk gazandy. DABS-nyň berýän habaryna görä, bu meselede öňki şertnama käbir üýtgeşmeler girizildi we potratça zerur resminamalary taýýarlamaga wagt berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Owganystanyň energiýa kompaniýasy bilen Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň arasynda Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini 110 MWt-dan 220 MWt-a çenli ýetirmek barada şertnama baglaşyldy. Hyrat Nur-ul-Jihad bekedini giňeltmek taslamasy tamamlanandan soň, Türkmenistandan Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň mukdary 110 megawat artar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär
DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär
“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
Masdar kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamany amala aşyrar