Türkmenistan we Owganystan demir ýol ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Owganystan demir ýol ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Owganystan Serhetabat-Turgundy demir ýol ugry boýunça ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar.

Türkmendemirýollary agentliginiň wekilleriniň Owganystanyň demir ýollary Müdirliginiň Gerat şahamçasynyň wekiliýeti bilen duşuşygynyň barşynda gury ýer porty bolan Turgundynyň dolandyrylyşyny gowulandyrmak maksady bilen, Owganystanyň täjirçilik ýükleriniň howpsuz daşalmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

Häzirki wagtda Owganystana edilýän importyň uly bölegi Özbegistanyň çäginiň üsti bilen geçýän ýeke-täk demir ýol arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Serhetabat şäheri bilen Owganystanyň serhetýaka şäheri bolan Turgundynyň arasyndaky demir ýol 1982-nji ýylda guruldy. Onuň uzynlygy 5,5 km deňdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy
Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar