Özbegistan we Türkmenistan “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” ugry boýunça Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen ýük gatnawlary üçin amatly şertleri döretmegi meýilleşdirýärler. Bu mesele ulag we logistika boýunça özbek-türkmen iş toparynyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen ýygnagyň dowamynda maslahatlaşyldy.
Özbegistanyň Transport ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, ýygnaga Özbegistanyň Transport ministriniň orunbasary Abdusamat Muminow, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow, şeýle hem iki ýurduň awtoulag, demir ýol, awiasiýa ulgamlaryna degişli bölümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda taraplar ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirilen “Hojeýli-Köneürgenç” we “Şawat-Daşoguz” barlag nokatlarynyň işini gaýtadan ýola goýmak meselesine garadylar.
Şeýle hem, “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara üstaşyr we ulag geçelgelerine gatnaşyjylaryň hemmesi bilen Aşgabat şertnamasynyň üstünde işlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa” halkara multimodal ýoluny ösdürmek baradaky şertnamalar 2019-njy ýylyň dekabrynda Taşkent şäherinde ylalaşyldy.