Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
TDH-nyň habar bermegine görä, ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, gepleşikler Türkmenistanyň Prezidentiniň "Oguz han" köşkler toplumynyň “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mongol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda taraplaryň tagallalary netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler.
Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri, Mongoliýanyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär diýlip, TDH-nyň teswirinde bellenilýär.