28-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Kawasaki Heavy Industries, Ltd ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmengaz Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn hyzmatdaşlygyny belläp geçdiler, şonuň ýaly-da özarabähbitli gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler.
Mundan başga-da, duşuşykda dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlary, şol sanda Ýapon halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) bilen özara hereketleriň işjeňleşdirmek arkaly bilelikdäki maýa goýum meselelerine hem seredilip geçildi.