Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 10-njy iyulynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwdasenagat edarasynyň baş direktory Ali Saeed Bu Sharbak Al Mansori bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory bilen duşuşdy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Ukraina Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy Ukrainanyň diplomatik žurnalynda çap edildi
Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary