Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow duşenbe güni Rimde Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde degişli bölümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar halkara guramalarynyň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ylmy-medeni, söwda-ykdysady ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem hukuk binýady berkitmek boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem türkmen ilçisi Toýly Kömekow we Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli medeni çäreleri guramaga hem-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Toýly Kömekow we Edmondo Çirielliiki Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Italiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda täze wezipä bellenildi
Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan Kipr Respublikasyna ilçi belledi
Rimde bilim boýunça türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we Italiýa ulag infrastrukturasyny döretmekdäki maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy