Türkmenistan we Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etdi

Türkmenistan we Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etdi

22-nji noýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara hereketleriň geriminiň giňeldilmegi boýunça pikir alşyldy.

Taraplar ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi boýunça ösüş strategiýasynyň Bir guşak, bir ýol başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň möhüm şertidigini bellediler.

Mejlisiň jemleri boýunça şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň 5-nji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bäş ýyl üçin (2021 — 2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hokümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bar.

Ýene degişli makalalar

13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça resminamalara gol çekdiler
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI
Hünärmen: pandemiýanyň iki ýylynda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy
Pekinde Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy başlandy
Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmäge çagyrýar
Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady