2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň wekili hanym Dipa Rişikeşiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky ýokary derejeli köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmagy baradaky meselelere seredildi. Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we köptaraplaýyn ylalaşyklaryna, şol sanda Halkara zähmet guramasynanyň hem resminamalaryna goşulmak meselelerini öwrenmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.
Milli kanunçylyk barada aýdylanda, türkmen tarapy Halkara zähmet guramasyna “Türkmenistanda kanunçylyk özgertmeleri: Mejbury zähmetiň öňüni almak we gadagan etmek bilen baglanyşykly kanunçylyga syn” atly giňişleýin resminamany taýýarlandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirýär. Bu synyň ähli tekliplerine göra, olary durmuşa geçirmek üçin degişli ministrlikler we pudak edaralaryň arasynda pudagara maslahatlaşmalar geçirilýär.
Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana ýokary derejeli sapary barada bellemek bilen, türkmen tarapynyň wekiliýeti kabul etmäge we bu missiýanyň amala aşyrylmagy üçin amatly seneleri habar bermäge taýýarlygy tassyklanyldy.