Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy degişli Ähtnamanyň Goşundylaryna gol çekdiler

Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy degişli Ähtnamanyň Goşundylaryna gol çekdiler

Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Pagta hasylyny ýygnamak döwründe iş şertlerini öwrenmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň goşundylaryna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Ženewadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Gol çekilen resminama laýyklykda, taraplar iş şertlerini gowulandyrmak, pagta ýygnamak wagtynda çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirerler. Şunuň bilen baglylykda, Halkara hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistanda gözden geçiriliş saparynyň awgust aýynyň ikinji ýarymynda bolmagyna garaşylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan we HZG zähmet pudagynda halkara resminamalaryň durmuşa geçirilmeginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasy durmuşa geçirilýär.

Ozal Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmetini pagta ýygmak işlerinde ulanmagy gadagan edendigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Halkara Zähmet Guramasynyň hünärmeni Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda duşuşyk geçirdi
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär
HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär
Türkmenistanyň HZG konwensiýasyna goşulmak karary