20-nji iýulda prezident Serdar Berdimuhamedow we ýakynda Aşgabada baran Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili gepleşikler geçirdiler.
Taraplar gatnaşyklary ösdürmegi, bilelikdäki taslamalary we ulag boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar diýip Agenda.ge habar berýär. Garibaşwiliniň bellemegine görä, onuň hökümeti Türkmenistan bilen jebis syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär.
Resmileriň aýtmaklaryna laýyklykda, strategiki taslamalary durmuşa geçirmek Hazar hem Gara deňizleri arkaly Aziýa we Ýewropa ýük daşamagyň netijeliligini we howpsuzlygyny ösdürer. Bu bolsa,söwda-ykdysady gatnaşyklary we sebitara aragatnaşygy işjeňleşdirmäge kömek eder.
Garibaşwiliniň bellemegine görä, Gürjüstan täze awtoulag we demir ýollaryny gurmak, şeýlede deňiz portlarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini giňeltmek üçin “uly serişdeler” ýatyrýar. Ol Gürjüstanyň çägi arkaly ýoly Gara deňiz üçin ulanmak Türkmenistan üçin ähmiýetli bolar diýip sözüne goşýar.
Şeýlede taraplar energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.
Garibaşwili özüniň Twitter hasabyndan türkmen prezidenti bilen gepleşiklerini “netijeli” diýip atlandyrdy.
Şol gün Gürjüstanyň DIM Ilýa Darçiaşwili Türkmenistanly kärdeşi DIM-i Raşid Meredow bilen duşuşdy. Olar sebitara ulag-geçiş ýollarynyň çäginde hyzmatdaşlygy maslahat edip, bu ugurda täze mümkinçilikleri bellediler.
Şol bir wagtda, TASS Türkmenistanyň we Gürjüstanyň ulag babatda ylalaşyga gol goýandyklaryny habar berýär.
“Biz ulag pudagy boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol goýduk. Bu Aşgabatdan göni uçuşlary ýola goýmaga mümkinçilik berer we ykdysady hyzmatdaşlygy hasam ösdürer” diýip ykdysadyýet we durnukly ösüş ministr Lewan Dawitaşwili aýdýar.
Ministr gepleşiklerde Türkmenistana eksporta “mätäç“ gürji harytlaryna päsgelçilikleri doly aýyrmak meselesiniň gozgalandygyny hem belleýär. Ol Türkmenistanda himiýa senagatynyň ösendigini we olary Gürjüstan arkaly eksport etmegiň mümkindigini hem nygtaýar.
Gürjüstanyň milli statistika gullugy “Sakstatyň” maglumatlaryna görä, şu ýylyň alty aýynda iki ýurdyň söwda dolanşygy 112 milýon dollardan geçdi ýa-da bu 2021-nji ýylyň şol döwrüne garanda, 19,2 göterim köp diýip TASS maglumat berýär.The post Türkmenistan we Gürjüstan ulag ýollaryny hem göni uçuşlary açmaga ylalaşdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.