Türkmenistan we Günorta Koreýa ulag pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Türkmenistan we Günorta Koreýa ulag pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

“Türkmendemirýollary” agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň hem-de Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşenbe güni duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syňyň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň çykyşy diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada türkmen tarapy aýratyn nygtady.

Muňa mysal edip, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Serhetabat-Turgundy, Kerki-Ymamnazar-Akina demirýollarynyň we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň gurluşygynyň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň beýleki sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.

Bu seminar hünärmenler derejesinde şu ýylyň 1-nji apreline çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär
Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy