Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Düýn, 11-nji martda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek atly Sebitleýin taslama hakynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Biznes reklama gazeti habar berdi.

Ähtnama laýyklykda, taraplar Türkmenistanda söwda amallaryny kämilleşdirmek hem-de ýönekeýleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalara ähmiýet bermek, söwdany ösdürmegiň bir ugry hökmünde ähli derejedäki işgärleriň habardarlygynydyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça ylalaşdylar. Şeýle-de Ähtnamada global söwdany, maýa goýumlaryny, maliýe ulgamyny, hususy pudak we raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek üçin amaly çözgütler kabul edildi. Şeýle hem resminama laýyklykda, ykdysady ösüşe gönükdirilen söwda amallaryna ýardam bermek we ýönekeýleşdirmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ylalaşygy gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Energetika ministrligi we GIZ “ýaşyl” wodoroddan peýdalanmagyň mümkinçiligini öwrenerler
Mary welaýatynyň bazarlarynda sygyr eti 30% gymmatlady
2023-nji ýylda türkmen bazaryna 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümleri import edildi
Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
Henrik Hololeý: ÝB-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ähli ugurlarda berkitmäge uly mümkinçilikler bar
Türkmen wekiliýeti Ýewrokomissiýanyň wekili we ispan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy