Türkmenistan we Gazagystan resminamalar toplumyna gol çekdiler

Türkmenistan we Gazagystan resminamalar toplumyna gol çekdiler

Gazak Lideriniň resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem ulag, ykdysadyýet we medeniýet ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekildi.

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk, sanlylaşdyrmak, sport, oba hojalyk ulgamlarynda baglaşylan ähtnamalar esasy resminamalaryň hataryndadyr. Şeýle hem Maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda ylalaşyga, Strategiki hyzmatdaşlygyň 20252027-nji ýyllar üçin hemmetaraplaýyn Maksatnamasyna gol çekildi.

Dabaranyň ahyrynda Prezidentler iki ýurduň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy
Ermenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen barar