Türkmenistan we Gazagystan özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan we Gazagystan özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Astanada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Batyr Atdaýew we Baýmyrat Annamämmedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi web sahypasynda habar berildi.

9-njy awgustda bolan duşuşykda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem energetika pudagyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alşyldy.Iki ýurt hem özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy kem-kemden giňeldýär. Şeýlelik bilen, 5 ýylyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 4 esse, diňe geçen ýylda 28 göterim ösdi. Şu ýylyň 6 aýyndaky söwda dolanyşygy 237,2 million dollara deň boldy.

Roman Sklýar Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösýändigini, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.Taraplar kabul edilen ylalaşyklaryň türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynyň ösmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabat - Gökdepe sowma awtomobil ýolunda täze köprüler gurlar
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar