Türkmenistan we Eýran halkara arbitraž sudunda sudlaşar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda täze bellenilen ministr “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaçew (suratda) hasabat bilen çykyş etdi.

TDH döwlet habar gullugynyň habar bermegine görä, Arçaýew Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ozal ugradylan gazyň tölegi boýunça ägirt uly bergileriniň bardygyny gürrüň berdi.

Ministriň sözlerine görä, “bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmegi teklip edýär“.

Prezident sud üçin dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýatladýarys, “Türkmengaz” 1-nji ýanwardan, biraz öň gazanylan ylalaşyklara garamazdan, $1,8 milliard (başga hasaplamalara görä $2 milliard) möçberindäki bergisini tölemegini talap edip, Eýrana iberýän gazyny kesdi.

Eýran bergisiniň bardygyny boýun alýar, emma onuň möçberlerine gaýtadan seretmegi talap edýär. EMGK 2017-nji ýylyň dowamynda türkmen tarapyny halkara arbitraž suduna bermek barada ençeme gezek haýbat atdy.

Bellemeli ýeri, resmi türkmen metbugaty Eýran bilen aradaky gaz konflikti barada birinji gezek habar berýär, ýogsa mundan öň ýurduň DIM-ligi metbugat üçin beýanat hem çap edipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Pakistanyň üstünden şikaýat etdi we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçidigini aýdýar
Berdimuhamedow Eýranyň daşary işler ministri bilen gepleşik geçirdi
Eýran Türkmenistany Halkara arbitraž suduna bermekçi bolýar
Gaz bahasyny arzanlat diýip, EMGK ýene Türkmenistana sud haýbatyny atýar
Eýran Türkmenistan bilen gaz dawasyny sudsuz çözmäge razy bolýar
Eýranyň gaz kompaniýasynyň başlygy Türkmenistandan Yraga we Türkiýä gaz ibermekden ýüz öwrendigini tassyklady