Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy özara eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy özara eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Russiýanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow duşenbe güni Russiýanyň Çuwaşiýa Respublikasynyň ýolbaşçysy Oleg Nikolaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Çuwaşiýa Respublikasynyň hökümet edaralarynyň resmi internet sahypasynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de bilim pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ikitaraplaýyn haryt dolanşygy 295,6 müň amerikan dollaryna deň boldy (2019-njy ýylyň degişli döwründe $201,8 müň, 2018-nji ýylda bolsa $193,1 müň).

Sebit boýunça Türkmenistana iberilýän harytlaryň uzak möhletleýin döwür (2020-2022 ýyllar) üçin çak edilýän ortaça ýyllyk ösüş depgini 6%-e barabar bolup durýar. Türkmenistan gapylary, elektrik enjamlary we metal gurluşlary öndürýän çuwaşiýaly kompaniýalar üçin geljegi uly bazar hökmünde seredilýär.

Baş konsulyň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin eksporty hem-de importy ýola goýmak wajyp bolup durýar. “Geljekde bu amallary işjeň ýagdaýda ýerine ýetirip başlamagy ynam bildirýäris” diýip, A.Baýramow nygtady.

Şeýle-de taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça meselelere seretdiler. Häzirki wagtda Çuwaşiýa Respublikasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 853-si bilim alýar.

Türkmenistana Çuwaşiýanyň şu kärhanalary: “Himprom” APJ, “Železnaýa manufaktura Urala” JÇJ, “Gidrant” JÇJ, “GRASK” ÝPJ, “Elinoks” JÇJ, “Akkond” PJ, “Dinamika” YÖK , “WNIIR” PJ, “Çeboksarskiý agregatnyý zawod” APJ hem-de “ŞZSA” JÇJ öz önümlerini eksport edýärler.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Federasiýasynyň çägine haryt girizmek üçin “Dogruçyl belgi” kanuny güýje girdi
Meta Özbegistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär
Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblasty hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Berdimuhamedow KAMAZ we “Tatneft” bilen hyzmatdaşlykdan razy
21.05.2019 | Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär