Türkmenistan we BMG-nyň Azyk guramasy: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

2021-nji ýyla çenli döwre niýetlenen “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklyga duçar bolan we şorlaşan oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak” atly taslama işläp başlar, ony Türkmenistanda Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Azyk guramasy (FAO) we Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirer.

Taslamanyň çäklerinde döwletleriň hyzmatdaşlygy işleri ylalaşykly meýilleşdirmek, guraklyga garşy göreşde irki duýduryş ulgamlary işi, ýerleriň çölleşmegine garşy ylmy tärleri işläp taýýarlamak, oba hojalygyny howa ýagdaýyna görä durnukly ýöretmek, pudagara özara hereketi berkitmek, ýerli bileleşiklerde oýlanşykly ekologik ideýalary kemala getirmek ýörelgelerini öz içine alýan suw we ýer serişdelerini dolandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmek ýörelgesi esasynda gurlar.

Onda köpsanly bölümçeli esasy dört ugur bolar.Taslamanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda - ösüş boýunça IKARDA agentligi bar, onuň işi zaýalanan ýerleri dikeltmäge gönükdirilendir.

Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda iki duşuşyk geçirilip, olaryň barşynda taslamanyň döwlet we ylym edaralaryna, jemgyýetçilik guramalaryna we telekeçilik bileleşiklerine wekilçilik edýän hyzmatdaşlary üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, taslama çäreleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine, şeýle hem çölleşmäge garşy göreş, bioköpdürlülik we howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy ekologik konwensiýalaryň üçüsi ýaly halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak boýunça düşünjeleriň artdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň gurakçylyga uýgunlaşmagyny ýokarlandyrmaga, topraklaryň şorlaşmagynyň we çölleşmeginiň netijeleriniň öňüni almaga, bioköpdürlüligi saklap galmaga ýardam eder.

Ýurdumyzda taslama toprak-howa şertleri boýunça tapawutlanýan synag meýdançalarynyň üçüsinde geçirilip, ol çöldäki öri meýdanlaryny, ekilen tokaýlary, suwarymly ýerleri, düme ekin ýerlerini öz içine alar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäklerinde suwaryş usullary kämilleşdirilier, miweli baglaryň meýdany artdyrylar, pisse, badam ýaly hozly ekinler ekiler we olar soňra ýerli bileleşikleriň ygtyýaryna berler.Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda şorlaşan ýerleriň suwarylyşyny gowulandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň hünärmenleri şu ýylyň ahyryna çenli demirgazyk sebitde fermerler mekdeplerini açmagyň hukuk we maliýe meselelerini öwrenerler.Merkezi Garagumda maldarçylygy goldamak boýunça iş başlanýar. Öri meýdanlaryny suwlylandyrmak üçin suw ýygnaýjy desgalar sardoblar we guýylar dikeldiler.

Deslapdan suw çeşmeleri barlanylar, synag meýdanlarynyň kartasy düzüler, oba hojalygyny ýöretmegiň ýerli däpleri öwreniler.

Suwdan çäkli peýdalanylanda alternatiw durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny işläp taýýarlamak, oba hojalyk ekinleriniň genofonduny saklap galmak, maldarçylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amaly çäreler bellenildi.

Taslamanyň dowamynda TYA-nyň we Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy tärleri ileri tutular. Şonuň üçinem gürrüňdeşlige akademiki we oba hojalyk ylmynyň wekilleri, şol sanda biotehnologiýalar boýunça bilermenler himiýa ylymlarynyň kandidaty Lýudmila Slawinskaýa bilen biolog Maral Annanurowa çagyryldy, olar akymly suwlary ösümligiň suw giasintiň kömegi arassalamagyň şowly geçen tejribesi barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanly hünärmenler Gazagystanyň topragy öwreniş we agrohimiýa institutynyň meýdanlara tagt suwuny tutmazdan doly bahaly hasyl almaga, dökünleri dökmegiň bellenilen möçberini iki esse azaltmaga mümkinçilik berýän ylmy usullary bilen tanyşdylar.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, taslama gatnaşýan oba hojalygynyň, daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň hünärmenleri üçin tejribe alyşmak boýunça daşary ýurtlara saparlar göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan çärelere gözegçiligi we taslamanyň usulýet üpjünçiligini pudagara iş topary ýerine ýetirer, onuň hataryna Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Gidrometeorologiýa baradaky döwlet komitetiniň, TYA-nyň hünärmenleri girerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde gurnalan göçme sergi
Türkmenistanda Rus kinosynyň festiwaly geçiriler
Ussatlar ýarmarkasy: döretmek sungaty
Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi
Türkmenistan: 146 sany hünär ugry boýunça daşary ýurt ÝOJ-laryndan alnan diplomlar ykrar edilmez