Türkmenistan we BMG: giň gerimli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

Türkmenistan we BMG: giň gerimli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketleriň giň toplumynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.Ulag, söwda, energetika, daşky gurşawyň goragy ulgamlarynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagynda BMG ÝYK-nyň wajyp orny bellenilip geçildi, ol bolsa häzirki pandemiýa döwründe aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýar.

Durnukly ulag ulgamynyň derwaýyslygy barada gürrüň edip, taraplar Içerki ulag boýunça toparyň (IUT) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar.Türkmen tarapynyň halkara ýol gatnawlary meseleleri, ýük daşamalarynyň we ulag ugurlarynyň sazlaşyklylygy boýunça IUT-yň iş toparlarynyň mejlislerine işjeň gatnaşmak arkaly bu hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň multimodal daşamalaryň giňeldilmegi ugrundaky tagallalary BMG-niň çäklerindäki köpsanly halkara başlangyçlarynda, şol sanda ýurt tarapyndan milli derejede durmuşa geçirilýän anyk hereketlerde öz aýdyň beýanyny tapýandyr.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy, ol ählitaraplaýyn ösüşiň ileri tutulýan wezipeleriniň berjaý edilmegi babatynda gatnaşyjy-ýurtlaryň zerur bolan mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegine çagyrýandyr.

Türkmen tarapynyň sebitleýin bazaryň hem-de serhetüsti üpjünçilikleriň pugtalandyrylmagy babatynda SPEKA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi, çünki ol SPEKA ýurtlarynyň ählisiniň ykdysadyýetleriniň özara we beýleki sebitler bilen baglanşyklylygyna oňyn täsirini ýetirmek arkaly, SPEKA sebitine täze maýa goýumlaryň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekilmegine itergi bermäge gönükdirilendir.

Taraplar şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) bilermenleriniň teklipleriniň nazarda tutulmagy bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG ÝYK bilen, hususan-da beýlekiler bilen bir hatarda DÖM-na ýetmekde sebitleýin gatnaşyklaryň durmuşa geçirilmegini ileri tutýan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde özara hereketleriň giňeldilmegi dogrusynda pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Watanymyzyň Bitaraplygy — halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine
Onlaýn-gepleşikleriň temasy BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegi
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär